Podweska ulgamynyň iň möhüm bölekleri bolan amortizator we pružinler, ýoldan gelýän urgulary özüne çekip, tekerleriň ýer bilen galtaşygynyň üzülmezligini üpjün edýär. Bu saýada ýol saklaýşy gowulanýar we rul dolandyryşynyň ýitirilmeginiň öňi alynýar. Düzgün işleýän amortizatorlar bilen sürüş rahatlygy we howpsuzlygy artýar. Amortizatoryň çalşylmaly wagtynyň gelendigini nähili bilmeli: Ýol saklaýşynda gowşama duýýan bolsaňyz, Sürüş wagtynda ýoldan gelýän urgulary salonynyň içinde duýýan bolsaňyz, Sürüş wagtynda päsgelçiliklerden (çukurowdan) geçeniňizde ulagyňyzdan ses gelýän bolsa, Sürüş wagtynda päsgelçiliklerden geçeniňizde ulagyňyz yrgyldaýan bolsa, Amortizator ýapyk ulgamda işleýän gysylan (preslenen) şaýdyr. Ony böleklere bölmek mümkin däl. Şol sebäpli näsazlyk ýagdaýynda bejerip bolmaýar, amortizatory çalşatmak gerek bolýar. TM-Motors, sürüş howpsuzlygy we rahatlygy üçin, amortizator çalşyrylanda öňki ýa-da yzky ýekeje amortizator hatardan çykan hem bolsa, sag we sol amortizatorlaryň bilelikde çalşylmagyny maslahat berýär.
Türkmençe