“TM-MOTORS” — bu ýerli bazarda 20 ýyl töweregi wagtyň dowamynda özüni ygtybarly we bäsleşige ukyply kompaniýa hökmünde subut eden kärhanadyr.

“TM-MOTORS”, bu ýerli bazarda 20 ýyl töweregi wagtyň dowamynda özüni ygtybarly we bäsleşige ukyply kompaniýa hökmünde subut eden kärhanadyr.

 

TM MOTORS

Biziň esasy iş ugurlarymyz we hyzmatlarymyz:

Awtoulag ätiýaçlyk şaýlary: Dünýä bazaryndan (Türkiýe, Russiýa, Germaniýa we ş.m.) getirilýän ýokary hilli original we analog awtoulag şaýlary.

Teker söwdasy: Dürli kysymly awtoulaglar üçin niýetlenen, ýokary hilli we ynançly tekerler.

Awtoulag importy: Islegiňize görä, daşary ýurtlardan ygtybarly awtoulaglary getirip bermek hyzmaty.

Çalgy ýaglary: Dwigateller we beýleki ulgamlar üçin niýetlenen, dünýäde belli Castrol brendiniň we beýleki ýokary hilli çalgy ýaglarynyň giň görnüşleri.

Biziň artykmaçlygymyz: Ýewropa we GDA ýurtlaryndaky tejribeli hünärmenler toparymyz arkaly, size iň gowy önümleri göni öndürijiden we bäsdeşlik bahalaryndan ýetirmek!

20 ýyllyk tejribe bilen,

TM-MOTORS diňe bir kompaniýanyň ady bolman, eýýäm wagtyň synagyn geçen durnukly bir brenda öwrüldi.

Mundan başga-da, soňky 20 ýylyň dowamynda kompaniýamyz Toyota awtoulaglaryny satmak we olara tehniki hyzmat etmek bilen meşgullanyp, bu ýyllaryň dowamynda Toyota müşderilerine goldaw berip geldi (ussahana, reňkleýiş ussahanasy, ätiýaçlyk şaýlary dükany, kuzow ussahanasy, awtoulag satyş salonyshowroom). Şondan soň biz beýleki iş ugurlarynda hem üstünlik gazandyk, olaryň köpüsi edil şol Toyota müşderileri üçin guraldy.

“TM-Motors” şeýle hem şu ugurlarda iş alyp barýar:

  • Türkmenistanyň çäginde “Castrol” we “BP” brendli ýag önümlerini hem-de çalgy ýaglaryny üpjün etmek we satmak (2004-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň çäginde resmi distribýutor statusy). Kompaniýa Castrol & BP müşderilerine tehniki we maglumat goldawyny berýär;
  • BAE-den täze Toyota we beýleki brendli awtoulaglary getirmek;
  • “Gönen” brendli traktorlary we oba hojalyk tehnikalaryny getirmek;
  • Türkmenistanyň çäginde awtoulaglara tehniki hyzmat etmek we bejermek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, esbaplaryny, şinalary, akkumulýatorlary we beýleki degişli harytlary üpjün etmek we satmak;
  • Lomaý we bölek satyş, araçyl söwda;
  • Ýeňil awtoulaglar, ýük ulaglary we oba hojalyk tehnikalary üçin giň gerimli şinalary üpjün etmek we satmak. Kompaniýa Goodyear, Sava, Fulda, Kelly, Debica, Pirelli– brendli şinalaryň resmi dileri statusyna eýedir;
  • Inženerçilik ulamlarynyň (kanalizasiýa we agyz suwy üpjünçilik ulamlarynyň) gurluşygy;
  • Gurluşyk tehnikalaryny kärendä bermek.

Kompaniýa halkara bazarynyň talaplaryna we standartlaryna gabat gelýän hyzmatlary hödürlemek üçin ähli zerur bolan enjamlara, ammarlara we ussahanalara eýedir.

QHSE (Hilli dolandyrmak, Zähmeti goramak, Sazlaşyk we Daşky gurşawy goramak) barada aýtsak, uzak möhletleýin biznes üstünligimiz diňe Hyzmat Hilini, Saglygy, Zähmet Sazlaşygyny we Daşky gurşawy goramagy ýolbaşçylar we her bir işgär üçin ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde üpjün etmek ukybymyza baglydyr öýdýäris. Şol sebäpli, ähli degişli halkara standartlaryna laýyklygy üpjün etmek üçin abraýly konsalting firmasynyň kömegi bilen giňişleýin QHSE MS dolandyryş ulgamyny döretmek tapgyryndamyz. Bulara resminamalaryň doly toplumy, şeýle hem QHSE MS programma üpjünçiligi çözgüdini ornaşdyrmak girýär. “TM-MOTORS” her bir işgärine ýokary baha berýär we olary diňe tejribeli we hoşal işgärleriň Kompaniýany üstünlikli edip biljekdigini we onuň abraýyny artdyryp biljekdigini göz öňünde tutup, bahasyz baýlyk hökmünde garaýar. Hyzmat Hili biziň esasy maksadymyzdyr we bu siziň garaşýanlaryňyzdan hem ýokary hyzmat hödürlemäge çykyş etmegimiziň esasy sebäplerinden biridir. Operatiw zerurlyklary yapmak üçin 24/7 müşderi goldawyny üpjün etmek maksady bilen biz Türkmenistanda ýerleşýäris.

“TM-MOTORS” bilelikde sebitimizde has güýçli we bäsleşige ukyply boljakdygymyza berk ynanýar.